TmKitap | Düzgünnama

Registrasiýa etmek üçin basyň

Bal almak üçin basyň

Düzgünnama

1. Elektron kitaphana ball ulgamy bilen işleýänligi sebäpli registrasiýa eden wagtyňyzdaky öz ýazan adyňyzy (логин) we açar sözüňizi (пароль) ýitirmeli däldir. Ýitiren ýagdaýyňyzda hasabyňyzdaky ballary yzyna gaýtarylmaýar.

2. Elektron kitaphana web sahypasynda registrasiýa bolan her bir agza beýleki bir agzanyň pikirine, onuň ýazýan kommentariýasyna hormat goýmagyna borçlanýar we öz ýazan kommentariýasyna diňe özi jogapkärçilik çekýändir.

3. Iberilýän kommentariýalarda paýyş sözler, hukugy kemsidiji, dini ýazgarma, milletparazlyk ýa-da reklama maksatlary üçin ulanýan agzanyň administrator tarapyndan berk gözegçilikde bolup bu web sahypasynyň dolandyryjysy tarapyndan kommentariýalary, agzanyň özüne duýdurmasyz pozulyp ýa-da banlanyp bilner.

4. "Ýaşyl Ýaprak" elektron kitaphanamyzda kitaplar diňe türkmen dilinde ýerleşdirilýär, agzalaramyzyň web sahypamyzda öz goşandyny goşmak maksady bilen elektron kitaphanamyza, öň ýüklenilmedik dürli maglumatlary iberen halatynda, agzamyza bal sowgat berilýär (balyň möçberi iberilýan maglumatyň derwaýyslygy laýyklykda kesgitlenilýär).

5. Elektron kitaphanada goýlan maglumartlar agzalar tarapyndan ulanylyp onuň düzümine degişli bolan maglumatlaryna administrasiýa jogapkärçilik çekmeýär. Ulanyjy goýlan maglumaty özüniň doly razylygynda peýdalanýar.

6. Elektron kitaphanamyzda kommentariýalarda ýerleşdirilýän keseki gipersalgylranmalara ugrukdyrma bolan ýagdaýynda web sahypamyz tarapyndan amala aşyrylmaýar. Bu ýagdaýda keseki internet salgylanmanyň täsir edýän ähmiýeti awtoryň jogapkärçiliginden daşary ýagdaýda bolup geçýär. Keseki salgylanma ugrukdyrylan agza özüniň doly razylygy boýunça amala aşyrylýar.

Bal sistemasy

1. Bal almak üçin töleg tölenende puly hökmany suratda öz registrasiýa eden nomeriňizden geçirilmelidir. Eger öz registrasiýa eden nomeriňizden geçirilmese biziň serwerimiz siziň töleg reden nomeriňizi tanamaz we bal geçmez.

2. Eger-de siziň nomeriňiz üýtgän bolsa onda haýal etmän özr şahsy maglumatlar bölümiňizden nomeriňizi üýtgediň.

Awtorlara ýüzlenme!

1. Elektron kitaphanamyzda ýerleşdirilen kitaplaryň ýa-da işleriň awtorlary öz işleri baradaky seslenmeleri ýa-da maslahatdyr, düzedişleri girizmek islese kitaphanamyzyň administrasiýasyna ýüz tutmaklyklaryny haýyş edýäris. Habarlaşmak üçin bu gök ýazga basyp bilersiňiz ýa-da biziň elektron poçtamyz tmkitap@gmail.com

2. Biziň elektron kitaphanamyzyň ösmegi, has kämilleşmegi üçin kitaphanamyzda bar bolan eserleriň, ýazuw işleriň awtorlaryna kitaphanamyzyň baýlaşmagy üçin edýän ýardamlaryna (pasportyny ýra-da nusgasyny iberen, görkezen halatlarynda) administrasiýa tarapyndan 5000 bal berilýär.

Edýän kömekleriňize we ýardamdyr, maslahatlaryňyz üçin awtorlara tüýs ýüregimizden minnetdarlygymyzy bildirýäris.